BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 76-NJY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN GARAÝYŞLARY

Giriş

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek işinde BMG-niň esasy we utgaşdyryjy ornuny tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny doly möçberde amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde Bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary we gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy serişdelerine ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermekden ugur alar.

Türkmenistan halkara hukugyň kadalaryna, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, döwletara gatnaşyklarda we dünýä ykdysadyýetinde köptaraplylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk ädimleri äder. Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara gün tertibinde duran wezipeleri çözmek babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Ylalaşylan köptaraplaýyn çemeleşmeleri işläp düzmek, şeýle hem ählumumy strategiýalary we maksatnamalary amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty degişli ugurlarda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşinde, BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň Söwda we ösüş boýunça geňeşinde, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynda, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynda, BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynda, BMG-niň Ylym we tehnika boýunça komissiýasynda hem-de guramanyň beýleki düzümlerinde, ýöriteleşdirilen edaralarynyň birnäçesinde agza bolmagy bilen kesgitlener.

Pandemiýa garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek

Türkmenistan täze görnüşli koronawirus ýokanjyna, onuň ýaýramagynyň syýasy we durmuş-ykdysady netijelerine garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň utgaşdyrylan tagallalaryny goldamagy dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ähli agza döwletleriniň hem-de edaralarynyň umumy howpa garşy göreşmekde jebisliginiň we raýdaşlygynyň ähmiýetini belläp, koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly meseleleriň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýarys.

Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça işlenip taýýarlanylan strategiýalarynyň we meýilnamalarynyň esasynda saglygy goraýyş babatda adatdan daşary ýagdaýlara täsir edilmegini, ählumumy taýýarlygyň berkidilmegini hem-de köpçülikleýin durnuklylygy esasy wezipeleriň biri hasaplaýar. Şunda türkmen tarapy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda umumy howplar babatda özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň geçirilýän esasy ýeri bolup durýandygyny belleýär.

Dünýä ykdysadyýetini dikeltmegiň aýratyn esasy ugurlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzümleriniň işiniň güýçlendirilmegini pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirlerini azaltmagyň has netijeli usuly hasaplaýarys.

Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasynyň düzgünlerine esaslanyp, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi maksat edinýäris.

Şu maksat bilen, pandemiýa garşy göreşmek boýunça ählumumy maksatnamalaryň hem-de adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmek babatda BMG-niň strategiýalarynyň, şol sanda 2015 - 2030-njy ýyllar üçin hereketleriň Sendaý çarçuwaly Maksatnamasy ýaly saglygy goraýyş ulgamyndaky maksatnamalaryň özara baglanyşygynyň berkidilmegine dünýä bileleşiginiň aýratyn üns bermegini maksadalaýyk hasaplaýarys.

Türkmenistan ylmy diplomatiýa ugry boýunça koronawirusyň täze görnüşiniň gelip çykyşynyň tebigatyny, bu ýokanjyň döredýän keselleriniň görnüşlerini, şeýle-de olary bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny düýpli öwrenmäge gönükdirilen köptaraplaýyn hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň hem-de beýleki ugurlaryň hünärmenleriniň yzygiderli aragatnaşygy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam eder.

Hususan-da, Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda şu halkara we sebit gurallaryny: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny; Ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini esaslandyrmak barada teklipleri öňe sürmegi maksat edinýäris. Türkmenistan ýokarda agzalan teklipleri amala aşyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň goldawyna bil baglaýar.

Halkara syýasat, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we strategik durnuklylygy gorap saklamakda hem-de pugtalandyrmakda dünýä bileleşigine ýardam etmek Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň işiniň esasy ugry bolmagynda galýar. BMG-niň Tertipnamasynyň kadalaryndan we ýörelgelerinden, kabul edilen esasy konwensiýalaryndan hem-de beýleki halkara namalaryndan ugur almak bilen, Türkmenistan halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmek ugrunda çykyş etmegini dowam edýär.

Şunda Türkmenistan daşary syýasat işlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatda özara kabul ederlikli hem-de sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga çalşar.

Ylalaşdyryjylygyň hem-de ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamasynyň düzgünlerini ornaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe anyk çäreleri görmegi meýilleşdirýäris.

Hususan-da, 76-njy mejlisiň barşynda Türkmenistan Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň yzygiderli duşuşyklaryny dowam etmegi göz öňünde tutýar. Milletler Bileleşiginiň döwletlerini Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda BMG-niň çäklerinde syýasy gatnaşyklaryň bu täze görnüşiniň işine gatnaşmaga çagyrýarys.

Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda dünýä halklarynyň parahat hem-de ynanyşyp ýaşamak däplerini kemala getirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goşmaça tagallalar edilýär. Baş Assambleýanyň 2021-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek mejlisiniň dowamynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarda häzirki döwürde ýüze çykan ynam ýetmezçiligini aradan aýyrmak maksady bilen, türkmen tarapynyň başyny başlan ählumumy işiniň netijelerini jemlemek bilen, Türkmenistan Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty - halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi göz öňünde tutýar. BMG-niň agza döwletlerini hem-de halkara guramalary şol forumyň işine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Türkmenistanda we beýleki birnäçe ýurtlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirilýän iri hem-de wekilçilikli çäreler dünýä we sebit howpsuzlygynyň, halkara hukugyny hem-de BMG-niň Tertipnamasyny pugtalandyrmagyň, halkara edaralaryň esasy ornuny tassyklamagyň möhüm meseleleri boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Uzak möhletli durnuklylygy, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça umumydünýä tagallalarynyň möhüm bölegi hökmünde şol maksatlara ýetilmegi, Türkmenistanyň garaýşyna görä, wagtlaýyn çarçuwalar bilen çäklenmeli däl-de, eýsem, BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik meselesine öwrülip, görkezilen ugurlar boýunça şu ýyl başy başlanan halkara hyzmatdaşlygyň dowamy bolmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialogy döretmekde ozal öňe süren başlangyjyna esaslanmak bilen, yzygiderli ýagdaýda hereket edýän Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça halkara forumy esaslandyrmagy teklip edýär.

Bulardan başga-da, häzirki zaman ählumumy geosyýasy we geoykdysady işleriň aýrylmaz hem-de möhüm bölegi hökmünde Merkezi Aziýanyň ähmiýetini bellemek bilen, sebitde bolup geçýän özgertmeleri ählumumy gün tertibi bilen deňeşdirmek üçin Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň goldamagy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen adybir Kararnama esaslanyp, «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi maksat edinýär. Bu resminama seredilmeginiň we kabul edilmeginiň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynanýarys.

Parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy durmak boýunça wezipeleri çözmekde Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn orun berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine goldaw bermegini dowam eder we şunda merkeziň ähmiýeti barada 2017-nji we 2021-nji ýyllarda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna esaslanar.

Hususan-da, ýaşlar üçin Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly maksatnamalary mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýäris. Olar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamak meseleleriniň özara baglanyşygyna hem-de üznüksizdigine düşünmek bilen, Türkmenistan «Merkezi Aziýa - Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş eder. Bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin binýat hökmünde garaýarys. 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitiniň barşynda bu başlangyjy berkitmegi göz öňünde tutýarys.

Terrorçylyk, ekstremizm, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyk, neşeleriň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygy, adam söwdasy halkara howpsuzlygyň uly wehimleri bolup galýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistan BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny sebit derejesinde ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermegi dowam eder, şunda 2011-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasynyň düzgünlerine hem-de Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyna esaslanar.

Türkmenistan ady agzalan resminamalarda öňde goýlan maksatlara eýermek bilen, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi bilen bilelikde Aşgabatda Terrorçylyga garşy müdirligiň täze maksatnamalaýyn edarasynyň görnüşini kesgitlemek boýunça işleri alyp barýar. Sebitde terrorçylyga garşy göreşmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda degişli ugurda bilelikdäki işleriň has möhüm ugurlary boýunça maglumatlary alyşmak babatda hukuk goraýyş we öňüni alyş ugurlaryna üns bermek bilen, bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny geçirmek onuň esasy wezipelerine girer. Şol düzümi döretmegiň hem-de işletmegiň barşynda sebitiň ýurtlarynyň we halkara bileleşigiň goldawyna bil baglaýarys.

Türkmenistan transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin halkara tagallalary birleşdirmekde BMG-niň esasy ornuny goldamak bilen, ýüze çykýan howplara, hususan-da, kiberjenaýatçylyga hem-de onuň bilen bagly bolan halkara maglumatlar howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmekde täze, halkara hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda işlenip başlanan Jenaýatçylykly maksatlar üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça halkara Konwensiýany taýýarlamagy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýäris.

Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda dünýä maglumatlar torlaryny peýdalanmak, şeýle hem sebit hem-de halkara durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen, maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly ählumumy wehimleri halkara derejede giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin hemişelik köptaraplaýyn gatnaşyklar hökmünde Maglumat howpsuzlygy we hyzmatdaşlyk boýunça ählumumy forumy geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nobatdaky gezek nygtaýarys.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak mejlisiniň barşynda ýaraglary ýaýratmazlygyň hem-de ýaragsyzlanmagyň köptaraplaýyn tertibini yzygiderli pugtalandyrmak ugrunda çykyş etmegini dowam eder, şunda Birleşen Milletler Guramasyna hem-de onuň köptaraplaýyn ýaragsyzlanmak boýunça gurallaryna aýratyn orun degişlidir. Halkara howpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda halkara hukugyň binýat goýujy guraly hökmünde garamak bilen, Türkmenistan ýaraglaryň hem-de olary ýaýratmazlygyň ýagdaýyna gözegçiligiň halkara hukuk ulgamynyň mundan beýläk-de durgunlaşmagynyň öňüniň alynmagyna 2022-nji ýylda geçiriljek Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk hakynda Şertnama gatnaşyjy ýurtlaryň 10-njy syn beriş maslahatynyň esasy wezipesi hökmünde garaýar.

Şeýle hem dünýäniň dürli sebitlerinde köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan azat zolaklar boýunça halkara maslahatlary geçirmek tejribesini sebit durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň netijeli guraly hasaplaýarys.

Owganystandaky ýagdaý barada aýdylanda, Türkmenistan dünýä bileleşigini bu ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrmaga ýardam bermegi dowam etmäge çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw berýän ýöriteleşdirilen düzümleriniň işlerini işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.

Şunda BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ornuny nygtaýarys hem-de häzirki wagtda Owganystandaky ýagdaýlary we bu ýurtda ýakyn geljekdäki harby-syýasy ýagdaýyň ösüşini nazara almak bilen, bu missiýanyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belleýäris. Şeýle hem Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde Owganystana goldaw bermekde owgan meselelerini çözmek boýunça bu döwletiň gönüden-göni goňşy ýurtlarynyň toplan oňyn tejribesiniň esasynda täze halkara gurallary döretmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýäris. Bu başlangyjy, hususan-da, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2002-nji ýylyň 24-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen goldanylan hoşniýetli goňşuçylyk hakynda Kabul jarnamasyny amala aşyrmak bilen baglylykda durmuşa geçirilmeli diýip hasap edýäris.

Durnukly ösüş

Türkmenistan ykdysady ulgamda energetika, senagat, ulag we söwda pudaklaryna Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işleriniň strategik ugurlary hökmünde garaýar, bu ugurlar çökgünlik döwründen soňra dünýä ykdysadyýetini gaýtadan dikeltmekde amatly halkara tagallalary üpjün etmek üçin örän möhümdir hem-de ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýä senagat önümçiligini ösdürmek üçin zerur gyzyklanmalary döretmäge ukyplydyr. Türkmenistan ählumumy maksatnamalary hem-de strategiýalary durmuşa geçirmekde ýeterlik maliýeleşdirilmegi üpjün etmek baradaky meseläni öňe sürmegi dowam eder, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi olaryň esasy wezipeleriniň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, ösüşi maliýeleşdirmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin serişdeleri jemlemek boýunça Addis-Abeba maksatnamasynyň çözgütlerini çaltlandyrylan depginlerde durmuşa geçirmek maksady bilen, Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty çagyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtaýarys.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň, şeýle hem durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki yzygiderli syýasy forumlaryň «Gün tertibi - 2030-yň» durmuşa geçirilişini ilerletmegiň syny boýunça işde utgaşdyryjy ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň monitoringiniň kesgitlenilen köptaraplaýyn gurallaryny goldamagy dowam eder hem-de Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda ählumumy maksatlaryň ornaşdyrylyşynyň barşy hakynda 2023-nji ýylda taýýar görnüşde hödürlemek üçin ikinji meýletin Milli synyň üstünde işlemäge girişer.

Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan ygtybarly, durnukly, maliýe taýdan netijeli hem-de häzirki zaman energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berer. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul eden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermek hakyndaky Kararnamalary munuň üçin binýat bolup hyzmat etmelidir.

Bu ugurda köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etmek maksady bilen, 2022-nji ýylda «Hemmeler üçin durnukly energetika» başlangyjy bilen bilelikde, DÖM-niň 7-nji maksadyna ýetmekde ösüşi çaltlandyrmak boýunça halkara forumy çagyrmagy teklip edýäris, şunda energetika serişdeleriniň durnukly üstaşyr geçirilmegine hem-de şunuň bilen baglylykda, BMG-niň döwrebap halkara hukuk gurallarynyň döredilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Türkmenistan durnukly ulag meseleleri boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň birnäçesini kabul etmek baradaky başlangyçlary öňe süren döwlet hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bu ugruny Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn bölegi hökmünde resmileşdirmek babatda tagallalaryny dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasy hakynda Türkmenistanyň ozal öňe süren başlangyjyna gaýdyp gelmegi teklip edýäris. Şeýle maksatnamanyň esasy maksatlary hem-de wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda kabul eden Kararnamalarynda, 2016-njy ýylda geçirilen durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatyň jemleýji resminamasynda, ählumumy derejede ulagyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalarda anyk kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ähli döwletleri hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralaryny, BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşmaga çagyrýarys.

Türkmen tarapy halkara ulag ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça ählumumy derejede giň gatnaşyklary saklamaga öz goşandyny goşmagy dowam etmek bilen, has gowşak ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de adalarda ýerleşýän kiçi, ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny guramagy meýilleşdirýär.

Ykdysadyýet babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň sebit hem-de sebitara düzümleri bilen BMG-niň Tertipnamasynda kesgitlenilen ýörelgeler esasynda has ýakyn hyzmatdaşlyk etmek ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýry-aýry sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlyk hakynda ikiýyllyk guralyny goldaýarys.

Şunda Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda (YHG) başlyklyk etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen, 2021-nji ýylda Baş Assambleýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak başlangyjy bilen çykyş etdi. Biziň ýurdumyz YHG-da başlyklyk etmeginiň barşynda ýokarda görkezilen Kararnamanyň hem-de ählumumy durnukly parahatçylyk we ösüş maksatlaryna ýetmegiň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, gurama agza ýurtlaryň BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 1 - 12-nji noýabry aralygynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň 26-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistan howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirlerini gowşatmak meseleleri boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň pes uglerodly energetikany ösdürmek, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda energetikanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek boýunça degişli çäreleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen BMG-niň Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakyndaky başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça birnäçe anyk çäreleri görmek göz öňünde tutulýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça ýöriteleşdirilen edarasyna, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna, Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentine, Ösüş maksatnamasyna ýokarda bellenilen başlangyçlary durmuşa geçirmekde esasy hyzmatdaşlar hökmünde garaýarys. Şunuň bilen baglylykda, tebigaty goramak ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň gün tertibini kesgitlemek we amala aşyrmak boýunça köpugurly möhüm binýat hökmünde BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň ornunyň we işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýäris.

Aral deňziniň ekologiýa heläkçiliginiň ýetiren täsirlerini azaltmak meselelerine aýratyn üns bermegi dowam edýäris. Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyz Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek hakyndaky başlangyjyny amala aşyrmagy dowam eder. Şunda 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde hem-de 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Baş Assambleýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň ýokarda görkezilen Ýörite maksatnamanyň işi üçin halkara hukuk binýady bolup biljekdigini belleýäris.

Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk

Türkmenistan BMG-niň adam hukuklaryny goramak ulgamynda esas goýujy konwensiýalaryna hem-de beýleki köp taraplaýyn halkara resminamalara salgylanmak bilen, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işleri amala aşyrmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde tagallalarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça halkara hukuk resminamalarynyň esasynda milli, sebit hem-de ählumumy strategiýalary, maksatnamalary we hereketleriň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga gönükdireris. BMG-niň Durmuş ösüşi komissiýasynyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin agzasy hökmünde Türkmenistan guramanyň durmuş goraglylygy, ýaşlaryň işi, maşgalanyň ornuny berkitmek we beýleki ugurlar ýaly ählumumy meseleler boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri hem-de hereketleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan esasy utgaşdyryjy edarasy hökmünde bu komissiýanyň ornuny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Biz şunda halkara hukugyň hereket edýän gurallarynyň hem-de döwlet özygtyýarlylygyna we döwletleriň deň ygtyýarlylyklaryna hormat goýmak esasynda, deňhukukly döwletara hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň BMG-niň ähli ulgamynyň adam hukuklaryny goldamak we goramak ugrunda alyp barýan işleriniň esasy ýörelgesi bolmalydygyna ynanýarys.

Dünýäniň aýry-aýry ýurtlarynda we sebitlerinde çylşyrymly migrasiýa meseleleriniň ýüze çykýan şertlerinde BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň hem-de Halkara Migrasiýa Guramasynyň tagallalaryny işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýarys.

BMG-niň ynsanperwer ugurly düzümleriniň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara ummanlary öwreniş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça halkara komitetiniň agzasy bolmak bilen, şeýle-de ÝUNESKO-nyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Hökümetara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna dalaşgär hökmünde guramanyň ýöriteleşdirilen düzüminiň işine gatnaşmagy giňeltmegi ugur edinýär.

Jemleýji düzgünler

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary, öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri ýurdumyzyň bu gurama agza döwletleriň ählisi, BMG-niň edaralary, agentlikleri, institutlary hem-de beýleki düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyga çemeleşmelerini kesgitleýär. Türkmenistan deňhukukly gatnaşyklar esasynda ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ýeke-täk köptaraplaýyn edara bolan Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy ornuny pugtalandyrmak üçin tagallalaryny işjeňleşdirmegi dowam edip, ähli hyzmatdaşlary parahatçylygyň we adalatlylygyň belent taglymlaryny berkarar etmegiň, ählumumy maksatlary hem-de wezipeleri amala aşyrmagyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge çagyrýar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta