SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENISTAN – ABŞ» IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda onlaýn görnüşinde «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Westport Trading Ltd.», «Caterpil...
TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ YNSANPERWERLIK UGRY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dowam etdirilýär. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar ynsanperwerlik temasyny ara alyp maslhatlaşdylar. Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen adam hukulary meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de bu ugurdaky açyk gepleşikleri goldaýar. Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň milli we medeni aýratynly...
TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkm...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER BAŞLANDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly başlandy. Gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybarat. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow türkmen-amerikan gatnaşyklaryny suratlandyrdy hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda duşuşyk geçirildi. Oňa daşary sýyasy edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, Ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň dip...
PLENAR MEJLISDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERINDE HALKARA HYZMATDAŞLYGY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly «Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça mejlis geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy go...
HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ ÝUBILEÝINE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYNYŇ NETIJESI - AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti" atly Halkara maslahaty geçirildi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşylan bu ägirt uly waka, Türkmenis...