SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZDA IŞLEÝÄN HALKARA GURAMALARYNYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen golaýda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşligine aýratyn üns berildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Ba...
TÜRKMENISTAN DÖM-NYŇ GLOBAL GÜN TERTIBINIŇ ESASLANDYRYLMAGYNDA HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde “Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli görkezijiler we Milli meýletin synlar” atly global sessiýa geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky hem-de Telewideniýe, ra...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝURDUMYZDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp m...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...
ÝB-NIŇ «TÜRKMENISTANDA BILIM ULGAMYNA GOLDAW» ATLY TASLAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso we taslamanyň ýo...
GFR-IŇ “COMMERZBANK AG” BANKYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Commerzbank AG” bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen “Commerzbank AG-nyň” arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar. Nemes kompaniýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalaryň maliýeleşdirilmegi meselesine seredi...
ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet meseleleri (ÝUNESKO) boýunça Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair Beduel bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant...