SOŇKY HABARLAR
DIM-DE TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ IŞI BARADA MAGLUMAT BERIŞ DUŞUŞYGY – BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly maglumat beriş duşuşygy – brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şonuň ýaly-da ýer...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypl...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň11-nji martynda amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenis...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi Söhbetdeşligiň barşynda taraplar derwaýys häsiýete eýe bolan halkara meselelerini, şol sanda halkara jemgyýetçiligi üçin aýratyn jogapkärli bolan häzirki döwürde halklaryň we ýurtlaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar BMG-niň utgaşd...
TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINDE AÝRATYN HOWPLY ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI MEÝILNAMASYNY DÜZMEK BABATDA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Milli meýilnamasyny düzmek babatda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekil...
BMG-NIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ PUDAK EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ÖZARAHEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagy sebäpli ýüze çykyp biljek durmuş-ykdysady täsiri peseltmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasyndaky Bilelikdäki Iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň biziň ýurdumyzda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşa...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNYŇ DÜZÜMINE SAÝLANYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlawlar geçirildi. Onuň netijesi boýunça Türkmenistan onuň iki sany möhüm edarasyna: 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynayň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň...