RSS

SOŇKY HABARLAR

11 Dek

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komend bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bilelikdäki işiň çäklerinde Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup duran, a...

DOWAMY
11 Dek

ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞI BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGY BABATDA IŞLENIP DÜZÜLJEK INDIKI ÄDIMLERE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň amala aşyrylmagy babatda işlenip düzüljek indiki ädimlere bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Duşuşygyň işine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkme...

DOWAMY
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ 24-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk ” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy. Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolba...

DOWAMY
10 Dek

ÝURDUMYZYŇ WELAÝATLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 24 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MASLAHATLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly maslahatlar geçirildi. Bu maslahatlara ýurdumyzda işleýän käbir diplomatik missiýalarynyň, konsullyk edaralaynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň hakimlikleriniň, Türkmenistanyň DIM-niň welaýatlardaky wekil...

DOWAMY
10 Dek

TÜRKMENISTANDA “ZORLUKLY EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA 2020-2024-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ MILLI STRATEGIÝASYNA” BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyna” bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň...

DOWAMY
10 Dek

LITWA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Egidiýus Nawikas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Litwa Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özle...

DOWAMY
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi.      Duşuşygyň başynda HGHK-nyň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi. Soňra, taraplar Türkmenistanyň hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyl üçin Meýilnamasynyň çäklerinde edilen işler bar...

DOWAMY