SOŇKY HABARLAR
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GIŇIŞLIGINDE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADYÝET WE ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreler giň gerim bilen başlandy. Gün tertibi örän mazmuna baýdyr. Günüň birinji ýarymynda Foruma gatnaşmak üçin gelen myhmanlar halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergilerine gatnaşdylar we olaryň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de awtosenagat ulgamynyň naýbaşy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäreler Türk...
AZERBAÝJANYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda ýokary derejeli myhman Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimu...
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12 awgustda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Türkmenistanyň Prezident...
«AWAZADA» TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Maminyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Mamin Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy. Şol gün Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan...
EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞÝAR
2019-njy 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky global gün tertibini...