SOŇKY HABARLAR
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralyndan 1-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň global saglygy goraýyş ulgamy boýunça Baş direktory hanym Kim Hýe-sonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda lukmançylyk ulgamyndaky ikitara...
FRANSIÝADA TEGELEK STOL WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA DEGIŞLI TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol, şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Tegelek stol we tanyşdyryş dabarasy Türkmenistanyň Ilçihanasy we Türkmenistan-Fransiýa Söwda edarasy bilen bilelikde gurnaldy. Tegelek stola we tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, Ýewropanyň işleri we daşary işler ministrliginiň, Fransiýa...
ÖWLET BAŞTUTANYŇ “ALTYN ASYR” KÖLÜNE IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Altyn asyr” kölünde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bu sebitde bellenilen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilen işler bilen tanyşyp, diplomatik wekilh...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLANDYRYLAN WEKILLERI ÝÜZÜŞIŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşýar. Gepleşikleriň başynda, myhmanlar türkmen tarapyna duşuşygyň guramaçylygy we myhmansöýe...
“TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI” BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 18-NJI MEJLISI BRÝUSSULDE GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýussel şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaýlary, maýa goýumlar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň, gatnaşyjylaryň dördünji mejlisi öz işini tamamlady. Maslahata gatnaşyjylar, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň ygtyýarlandyrylan wekilleri teswirnam...
YHÖG-NIŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 26-27-nji fewraly aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa departamentiniň başlygy jenap William Tompsonyň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda, taraplar söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ýurduň eksport potensialynyň ýokarlandyrmagyň we täz...