TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

Şu ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Daşkent şäherine iş sapary body.

Saparyň çäklerinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň başlyklarynyň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary – Maýa goýum we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň çäklendirilen görnüşdäki duşuşygy geçirildi.

Şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda giňeldilen görnüşdäki duşuşyk geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran saparyndan soňra täze depgine eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşi barada bellenildi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky 2022-2025-nji ýyllar üçin Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we senagat işiniň ösdürilmegi boýunça Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hzymatdaşlyk boýunça Bileleikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 17-nji mejlisiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Oba hojalyk, gurluşyk, dokma senagaty we derman önümçiligi pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň artdyrylmagy iki ýurduň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem berkidilmegini ara alyp maslahatlaşmagyň esasy bölegi boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanda ýeňil awtoulaglarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we öý hojalyk tehnikalarynyň bilelikde öndürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Şeýle hem ulag üstaşyr gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, şol sanda iki ýurduň araçäklerinde üstaşyr ýük daşamalaryň işjeňleşdirilmegi hem-de deňiz portlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly halkara ulag geçelgeleri boýunça täze ýük daşamalary gurnamak bilen bagly  garaýyşlaryň arabaglanyşygy bellenildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta