Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da BMG-niň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle hem halkara gatnaşyklary we howpsuzlygy ugruna ýöriteleşen bilermenler, parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek boýunça işleri işjeň alyp barýan ýaşlar we talyplar guramalary, raýat jemgyýetiniň, akademiki we ylmy-barlag merkezleriniň.wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky garaýyşlary bilen paýlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň mysaly hökmünde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki we saklamakdaky konstruktiw garaýşy beýan edildi.

Halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow döwletimiziň netijeli daşary syýasy ugry barada aýdyp berdi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň daşary syýasatynyň kesgitleýji alamaty, pelsepesi bolup köpçülikleýin, ulgamlaýyn esasdaky bilelikdäki işe, birleşmäge we jebisleşmäge daýanmagyň çykyş edýändigini aýratyn belledi.

Soňra çykyş edenler – Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy  Binali Ýyldyrym, Özbegistanyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili Abdulaziz Kamilow, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German; BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi Aleksandr Zuýew, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Terri Hakala möhüm ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de parahatçylyga we ösüşe abanýan howplaryň we wehimleriň öňüni almagyň sazlaşykly mehanizmlerini işläp taýýarlamak üçin Aşgabatda bu maslahaty çagyrmagyň ähmiýetini bellediler.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ählumumy aragatnaşyk boýunça orunbasary Melissa Fleming we BMG-niň ozalky Baş sekretary, Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun wideoýüzlenmelerinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi barada çykyş etdiler.

Soňra maslahat “Durnukly ösüş parahatçylygyň we ynanyşmagyň özeni hökmünde”, “Halklaryň arasyndaky ynanyşmak we halkara guramalarynyň ähmiýeti” we “Ynanyşmagy berkitmekde innowasion çemeleşmeler” atly üç tematiki mejlislerde dowam etdi.

Mejlislere gatnaşyjylar öňüni alyş diplomatiýa mehanizmlerini ulanmak we bar bolan halkara we sebit düzümleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.

Dünýäde ýüze çykýan käbir gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmekde ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyndaky dialog meýdançalarynyň ähmiýeti bellenildi.

Maslahata gatnaşanlar parahatçylygy berkitmek we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda tagallalary mümkingadar birleşdirmäge şertleşdiler. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen geljek ýylyň ähmiýeti bellendi.

Maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Resminamada maslahatda çykyş eden wekilleriň esasy garaýyşlary özüniň beýanyny tapdy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta