Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen Bütindünýä durnukly ulag güni yglan etdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýip yglan etdi.
Bu möhüm çözgüt, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ähliumumy maslahatynyň geçirilen gününden gelip çykýar. Bu güni tassyklaýan rezolýusiýa Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda 77-nji sessiýanyň 70-nji mejlisinde kabul edildi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Aksoltan Ataýewa tarapyndan eden çykyşynda "Bütindünýä durnukly ulag güni" rezolýusiýasynda Baş Assambleýasynyň Başlygyna Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen hyzmatdaşlykda Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Nýu-York şäherinde Durnukly ulag meseleleri boýunça Ýokary derejeli mejlisini geçirilmegi tabşyrylýar.