Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýorkda geçýän duşuşyga örän şatdygyny nygtap, bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ýollaryny kesgitlemäge, ony mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe boldy hem-de ösüşini yzygiderli dowam etdirip, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletlerimiziň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtap, berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda forumyň 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň netijeleriniň sebit derejesinde ykdysady, medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.
Parlament diplomatiýasynyň ornunyň barha artýandygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň uly ähmiýeti nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna bolan sapary, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň 2023-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana amala aşyran sapary, şeýle hem şu günler parlamentara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna dowam edýän sapary bu ulgamda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykardy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli, durnukly we uzak möhletli häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen gatnaşyklarynyň uly tejribesi toplandy, gaz we gazhimiýa pudagynda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi.
Prezident Ýun Sok Ýol bu baradaky gürrüňini dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýyl Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň netijeliligine ünsi çekdi we onuň ýurdunda “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri barada köp eşidendiklerini nygtady. Golaýda bu şäheriň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna badalga berildi. Bularyň ählisi uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, koreý işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlugyň, hoşniýetli erk-islegiň berk binýadyna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.