Türkmenistanyň mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde gibrid görnüşinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň maksady 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament wekillerini ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, köptaraplaýyn netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde toplan tejribesi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda, parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde hyzmatdaş ýurtlar bilen özara pikir alyşmakdan, gatnaşyklaryň täze gurallaryny işläp düzmekden we bu ugurda parlamentleriň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

Topara agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynda Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamak boýunça ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1995-nji we 2015-nji ýyllarda ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan ynsanperwer syýasatyň Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini we dünýä döwletleri üçin ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde nusga alarlykdygyny belläp geçdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapeçenko, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa, Gana Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Alban Sumana Kingsford Bagbin, Şri-Lanka Demokratik Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Mahinda Yapa Abey-wardena, Gyrgyz Respublikasynyň Žokarku Keneşiniň Başlygynyň orunbasary Nurlanbek Azygaliýew, Marokko Patyşalygynyň Wekiller Palatasynyň Başlygynyň orunbasary Hassan Benomar, Katar döwletiniň Şura Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Hamda al Sulaiti, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň orunbasary Şolban Kara-ool, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň parlamentara aragatnaşyklar boýunça başlygy Aýgul Kuspan, Parlamentara Bileleşigiň parlamentler bilen işlemek we daşary aragatnaşyklar boýunça müdiri, Ilçi Anda Filip çykyş etdiler.

Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Leji, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa duşuşyga gatnaşyjylara wideoýüzlenmelerini iberdiler. Duşuşygyň soňunda Jemleýji resminama kabul edildi. Bu resminamada Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynyň parlament hyzmatdaşlygyny ilerletmekde möhüm orny bellenildi, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we dialogy berkitmek işine tagallalary we goşandy aýratyn nygtaldy.

Source: https://mejlis.gov.tm/single-news/296?lang=tm

 

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta