MINISTRLER DEREJESINDÄKI GEPLEŞIKLERIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegi boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, demirýol arkaly ýük gatnawlarynyň kadaly ýagdaýda saklanylmagyna aýratyn üns berildi.

Ministrler ikitaraplaýyn özaraereketleriň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ähmiýetli ornuny bellediler.  Ulag we kommunikasiýa, senagat, oba we suw hojalygy ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada pikir alşyldy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta