“Ýeňiş Sungaty” - Myrat Sadykow: “Smuglýanka”

«Ýuwaş! Synag dowam edýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip öz adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de we olaryň gapma-garşylygyna hem gabat gelýärdiler. Ýöne ylmy işgäriň bu okuwa dalaşgär bolmagyny welin heniz görmändiler. Myrat Sadykow aýdyma başlandan talapkär topar agzalarynyň ýüregi pagyş-para eräp gitdi.

Onuň «çykyşlary» çaga döwri başlandy diýse-de boljak, şol döwür gelşiklije oglanjyk eli mandolinaly Aşgabada göçürilip getirilen gospitala gelip, inçe sesi bilen ýaraly esgerler üçin arassa rus dilinde: «Almalardyr armytlar gül açanda...» diýip aýdyma başlady. Esgerler hem gülerdiler, hem aglardylar, ýene gelmegi haýyş ederdiler.

Bir gezek Leonid Bykow «Jeňe diňe “garrylar” girýär» atly filmi üçin «Smuglýanka» aýdymyny ýerine ýetirijiniň gözleginde, atlaryny bilmezden dürli aýdymçylaryň birnäçe ýazgylaryny diňläpdir we Myradyň aýdyşyny eşidenden: «Ine, bu rus ýigidi ajap aýdýar» - diýipdir. Kimdir biri: «Ol-a rus däl» - diýip belläpdir. Režissýor :«Goýsana!» - diýip geň galypdyr. Şeýlelikde, Myrat Sadykowyň gaýtalanmajak hoş sesi belli sowet filminde ýaňlanýar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta