“Ýeňiş Sungaty” - Ýewgeniýa Adamowanyň suratlarynyň biriniň döreýşi

Günleriň birinde demir ýoldan geçip barýan Ýewgeniýa Mihaýlowna, elewräp duran bir garry aýala gabat gelip, ony ata-enesiniň öýüne alyp gidipdir. Tizara Mamajan ejäniň iki oglunyň bardygy, ulusynyň ondan iki ýyl öň, kiçisiniň bolsa golaýda fronta gidendigi belli bolýar. Ene ogluny Aşgabada çenli ugradypdyr. Otly duýdansyz ugranda, ol ýeke özi, başy dumanlap, aňk-taňk bolup galypdyr.

Üç günden soň myhman özüni bazara äkitmegi haýyş edipdir, ol ýerde hatar-hatar aýlanyp, bir zatlary gözläp, ahyrsoňy özüne gerek zady tapýar. Ol ak, gara, gyzyl reňkli ýüň ýüplükdi. Onuň näme isleýändigini bilenlerinden soň, çiş hem satyn aldylar.

Öwrenişenje pişesi ony janlandyrýar. Ilkinji milli usulda örülen ýüň joraplar Adamowlaryň maşgalasyna degişli adamlaryň hemmesine ýetdi. Soň myhman özüne howandar çykan maşgala kömek etmekçi bolup, satlyk jorap örjek bolýar. Ýöne Ýewgeniýa Mihaýlownanyň kakasy: «Biz günümizi göreris. Gowusy, jeň meýdanyndaky esgerler üçin jorap örüň!» - diýipdir. Mamajan eje bu maslahaty ýürekden kabul edipdir, çünki onuň ogullaram uruşdady ahyry.

Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň bähbidine Goranmak gaznasyna tonnalap şaý-seplerini tabşyran türkmen zenanlarynyň edermenligi asyrlarboýy ýatdan çykmaz. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowa meşhur «Türkmen zenanlary – Watana» atly suratyny çekip, ildeş zenanlarymyzyň edermenligini ebedileşdirdi.

Suratyň emosional täsirini güýçlendirýän we döwrüň pajygalydygyny nygtaýan gyzyl düşeginde zenanlar kabul ediş nokadynda – olaryň keşbinde hasratdyr dogum görünýär. Ýewgeniýa Mihaýlowna başgaça edip hem biljek däldi we nakgaş Mamajan ejäniň keşbini suratyň merkezinde ýerleşdiripdir, onda gujurly ýüzli we dramatizme çümen hortap aýalyň äpet gözlerinde ogullarym dirimikä beri? - diýip alada galan enäniň keşbi şekillendirilýär.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta