OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLAR TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERINIŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta