HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE «PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK SYÝASATYNY ÖŇE SÜRMEKDE BITARAPLYGYŇ WE ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNYŇ ÄHMIÝETI» ATLY TEMA BOÝUNÇA PLENAR MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 11-nji dekabrda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty öz işini plenar mejlisler görnüşinde dowam etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmekde bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti» atly tema boýunça plenar mejlisi geçirildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy, Ilçi Nataliýa German mejlisi alyp bardy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam Guramasynyň Baş direktory Ýerlan Baýdaulet, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Aşita Mittal we beýlekiler çykyş etdiler. Şeýle hem ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň, ŞHG-nyň Baş sekretary Wladimir Norowyň we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň wideoýüzlenmeleri diňlenildi.

Çykyşlaryň dowamynda bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi hem-de onuň parahatçylyk gurujy we durnukly ösüşe gönükdirilen hereketler ýaly öňüni alyş diplomatiýanyň gurallary bilen berk baglanyşyklydygy bellenildi.

Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň, milli paýhasyň häzirki zaman düşünjeler bilen utgaşykly arabaglanyşygy bolup durýan, türkmen halkynyň taryhy parahatsöýüjilik däbini şöhlelendirýändigi barada aýdyldy. Bu ugurda türkmen bitaraplygynyň dünýäniň goşulyşmak işlerine ýetirýän oňyn täsirine umumy we hemmetaraplaýyn baha berildi, Türkmenistanyň daşary syýasy, ylalaşdyryjylyk başlangyçlary babatda umumy wezipeleri çözmäge bolan täze çemeleşmelere garaýşy beýan edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, durnukly ösüşiň görkezijisi bolup durýan, parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi saklamagyň hatyrasyna, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” yglan edilmeginiň ähmiýeti we derwaýyslygy aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory T.Walowaýa 2019-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylan, şu ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek boýunça Kararnamanyň, ýurtlaryň arasyndaky özara ynanyşmagyň ýola goýulmagy we parahatçylyk ýollary arkaly çaknyşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen gepleşikleriň ösdürilmegi üçin bu gurama gatnaşyjy-döwletleriň ähli tagallalary etmäge ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid öz wideoýüzlenmesinde halkara guramalaryň, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde amala aşyrylýan köptaraplaýyn diplomatiýanyň öňe sürülmeginde Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde strategiki orny eýeleýändigini belläp geçdi.

Şeýle hem şol gün, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça tegelek stol geçirildi.

Çäräniň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy N.Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenkonyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň her bir tematiki mejlisleriň jemleri boýunça gysgaça hasabatlary diňlenildi.

Şeýlelik bilen, «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji resminamasy kabul edildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta