TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY

15-nji iýulda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiziň özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostluk we birek-birege ynanyşmak esasynda geçen söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, kanun çykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklar toplumlaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp hem-de aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Samarkant şäherine ugrady. Bu şäher özüniň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen meşhurdyr.

Samarkandyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Howa menzilinden döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerweni Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Topluma gelensoňlar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew Yslam Karimowyň aramgähine bardylar. Döwlet Baştutanlary Özbegistanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hem-de türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan şahsyýeti hatyralap, onuň aramgähine gül desselerini goýdular. Soňra iki ýurduň Liderleri ýörite taýýarlanylan ýere bardylar. Yslam dünýäsine mahsus däplere laýyklykda, mukaddes Gurhandan süreler okaldy we Beýik Biribardan dilegler edildi.

Ondan soň hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde Gündogaryň gadymy däplerini we häzirki zaman ýörelgelerini özünde jemleýän Samarkant şäheriniň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Şäheriň binagärlik we arheologik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Soňra döwlet Baştutanlary Teýmiriň aramgähine (Gur-Emir) baryp gördüler. Aramgähi synlap, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite taýýarlanylan ýere geçýärler. Musulman dessuryna laýyklykda, bu ýerde mukaddes Gurhandan süreler okalýar we Beýik Biribardan dilegler edilýär. 

Samarkandyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe we özbek tarapynyň wekillerine özboluşly syýahat üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Samarkandyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş merkezine tarap ugradylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna özbek tarapynyň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onuň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşy boldy.

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Samarkandyň Halkara howa menziline tarap ugradylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşine mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşdy hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, uçara mündi we Watanymyza ugrady.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta