RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Few

Türkmenistanyň mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde gibrid görnüşinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament wekillerini ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, köptaraplaýyn netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde toplan tejr...

DOWAMY
3 Ýan

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag we energiýa baglanyşygy baradaky rezolýusiýalar 6 dilde resmi taýdan çap edildi

CLICK https://news.un.org/ru/story/2023/12/1447992 Çap edilen kararnamalary açmak üçin aşakdaky sahypalara giriň   -TRANSPORT -ENERGY

DOWAMY
26 Dek

Gyrgyz Respublikasy Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna resmi taýdan goşuldy

Gyrgyzystan Respublikasy, toparyň ähli agzalary tarapyndan biragyzdan tassyklanmagyň esasynda, Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna resmi taýdan goşuldy. Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň agzasy hökmünde Kyrgyzstan bitaraplyk ýörelgeleriniň has giňden ulanylmagy esasynda toparyň global parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüş maksatlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirer. Umumy maglumat.

DOWAMY
1 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşy

(Dubaý şäheri, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabry) Hormatly Başlyk! Hormatly döwlet we Hökümet Baştutanlary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna we Hökümetine myhmansöýerlik, netijeli işlemek babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça...

DOWAMY
19 Sen

Döwlet Baştutanymyz “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy.  Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän...

DOWAMY
19 Sen

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many...

DOWAMY
18 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady. Duşuşyk başlamazdan ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhame...

DOWAMY