SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslah...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY SEBITI ÝURTLARYNYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Bir guşak, bir ýol” Başlangyjyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty geçirildi. “Durnukly ösüşiň maksatlarynda pandemiýa garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Çärä Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň, Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri, şeýle-de halkara we sebit guramalaryň we...
TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÝARYMÝYLLYK SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi Jonatan Hennigiň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň özara...
TÜRKMENISTAN AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELER BOÝUNÇA GEŇEŞINDE SYNÇY DEREJESINI ALDY
2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) Ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň komitetiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşyk göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. CICA-nyň 27 sany agza-ýurtlaryndan ýokary wezipeli döwlet işgärleriniň, şol sança synçy-ýurtlaryň, CICA-nyň synçy hem-de hyzmatdaş guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn mejlisiň ba...
TÜRKMENISTAN BILEN NIGER RESPUBLIKASY DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝDY
2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Nýu Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Kommýunike gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksol tan Ataýewa bilen Niger Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hem...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIK KOMISSIÝASYNYŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň 31-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu komissiýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Ýerine ýetiriji geňeş Assambleýa bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň ýolbaçşy edarasy bolup durýar. Hökümetara okeanografik komissiýanyň maksady halkara h...
TÜRKMEN-FIN MASLAHATLAŞMALARYNYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fin tarapyna bolsa Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleri we Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-y...