SOŇKY HABARLAR
ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOYUNCA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 21-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça meseleleriniň çäklerindäki tasla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. «Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklar özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Biz dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk y...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANTONIU GUTERRIŞI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY WEZIPESINE GAÝTADAN SAÝLANMAGY BILEN GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany Gutlag hatynda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan BMG-niň Baş sekretaryna üstünlikleri arzuw etdi. «Türkmenistan häzirki wagtda halkara durmuşyň ähli wajyp ugurlaryny öz içine alýan Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan gatnaş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKMEN-GERMAN SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA IKINJI SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARYŇ BIRNÄÇESINI YGLAN ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. “Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly sammite YHG agza ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlary, ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigi nygtaldy. Taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy g...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-d...