SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-EÝRAN GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNDA DESGALARYŇ GURULMAGY BILEN BAGLY IŞLER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki iş toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşar...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysynyň resmi rezidensiýasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň adyna ýollan salamlaryny, hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenski ukrain tarapynyň Türkmenista...
TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň wekilleri, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatda ýapon wekiliýetine Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Maliýe meseleleri boýunça müdirliginiň direktory Matsuşita Şinpeý ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşy...
SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri E.Asrandiýew, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Täj...
“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ WEKILLERI BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLIS GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlis geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen duşuşygyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy, Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň direktory hem-de Halkara söwdanyň Koreý assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar (KITA). Gepleşikleri geçirmegiň maksady “Merkezi Aziýa - Koreýa Işewürler Geňeş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DÖM-NYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA SEMINAR GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminar geçirildi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy-ýurtlaryň, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrleriniň derejesindäki...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER GULLUGY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bileli...