SOŇKY HABARLAR
ÝOKARY DEREJELI ÇÄREDE COVID-19 ÝOKANÇ KESELINIŇ ÝAÝRAÝAN DÖWRÜNDÄKI ÄHLUMUMY ÖSÜŞI MALIÝELEŞDIRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly COVID-19 ýokanç keseliniň ýaýraýan döwründäki we ondan soňky ählumumy ösüşi maliýeleşdirmek meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Ýamaýkanyň Premýer-ministri Endrýu Holness tarapyndan guraldy. Çärä BMG agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn, 27-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamy hökmünde, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlary...
MALIÝE WE YKDYSADYÝET MINISTRLIGINDE ÝHHG-NIŇ MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň özara baha bermäge milli derejede taýýarlygyň çäklerinde halkara maslahatçysy hanym Swetlana Poddubskaýanyň maslahatlaşmalary öz işine başlady. Maslahatlaşmalara Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat ministrlikleriniň,...
«EKSPO–2020» HALKARA SERGISINI GURNAÝJYLAR BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň binasynda «EKSPO–2020» taýýarlyk görmegiň çäklerinde, «EKSPO–2020» halkara sergini gurnaýjylar bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Geçirilen wideomaslahatyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri gatnaşdy. Onlaýn duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň...
«DEUTSCHE BANK AG» BILEN ÖZARABÄHBITLI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGI BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy bilen «Deutsche Bank AG» bankynyň Orta we Gündogar Ýewropa korporatiw we bank maýa goýum – bank täjirçilik hyzmatlary boýunça esasy ýerine ýetiriji direktory, sebitleýin direktorlarynyň dolandyryjysy Ýorg Bongartsyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimine degişli meseleler ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Germaniýanyň iri kompaniýalary bilen ýola goýlan üstünlik...
TÜRKMENISTANYŇ UGURDAŞ EDARALARYNYŇ WE «TOTAL» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew, «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki pudaklaryň wekilleri wekilçilik etdiler, fransuz tarapyndan gepleşiklere «Total» kompaniýasynyň gözleg we çy...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bild...