RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIKI KOMISSIÝASYNYŇ 30-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň (HOK) 30-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. 4-nji iýula çenli dowam etjek ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň ýubileý assambleýasynda Komissiýanyň işi bilen baglylykdaky döwrebap meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem umman ylmy boýunça BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilişi, BMG we Bütindünýä meteorologiki gurama bilen hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
24 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ TÄZE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Hanym Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, Kristina Weýgand, mähirli arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdar...

DOWAMY
pic
23 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY

2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Kazan şäherinde, Russiýa Fedrasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ondan soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda giňeldilen düzümdäki duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynyň meselelerine garaldy hem-de hyzm...

DOWAMY
pic
19 Iýul

NÝU-ÝORKDA “BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MIRASY” ATLY TEGELEK STOL GURALDY

2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Nýu-Ýork şäheriniň Milli sungat merkezinde “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we onuň ýaş nesliň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekdäki taryhy orny” atly tegelek stol guraldy. Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, Rus-amerikan medeniýet gaznasynyň Prezidenti M.Kowalýowa, Smitsonowsk institutynyň Aziýa medeniýet meýilnamasynyň direktory, Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň etnologiýasynyň ýolbaşçysy Paul Mihail Teýlor, Orta...

DOWAMY
pic
12 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýu...

DOWAMY
pic
7 Iýul

Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň döredilmegi baradaky resminama gol çekildi

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri  Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem m...

DOWAMY
pic
6 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlap Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylan işleriň netijeleri barada wise-premýerler hasabatlaryny berdiler. Türkmen Lideri kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny...

DOWAMY