SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET DEREJESINDÄKI WEKILIÝETI PETERBURGYŇ HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.
DÖM ULGAMYNDAKY MEÝLETIN MILLI SYN BOÝUNÇA TANYŞDYRYŞ ÇÄRESI
2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň deslapky tanyşdyrylyş dabarasy geç...
AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, şol sanda BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçyl...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş...
OLEG KONONENKO TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Kosmonawt öz gutlagynda “Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmegi boldy”...
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen GDA-nyň gatnaşyjy-döwletlerinden köpsanly ýokary derejeli wekiliýetler Türkmenistana geldiler. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada geldi. Rus wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.