TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlap Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylan işleriň netijeleri barada wise-premýerler hasabatlaryny berdiler.

Türkmen Lideri kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýandygyny belledi.

Biz energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatymyzy kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alyp barýarys. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny, şeýle hem beýleki sebitleýin taslamalary durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini nygtady.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz ýakynda geçiriljek birnäçe halkara çäreleri, maslahatlary, şol sanda Hazar ykdysady forumyny hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň mejlisini iň ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmekligi tabşyrdy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta