SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň 28-nji ýörite mejlisine gatnaşdy. Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama ýolbaşçylyk edýän türkmen tarapy synçy hökmünde gatnaşmaga çagyryldy. Mejlisiň dowamynda Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş sekretary çyk...
Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň çäginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ýokary derejeli duşuşygynyň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Işjeň ýagdaýda geçen söhb...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Žan Todt 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili jenap Žan Todtuň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky dialog üçin netije meýdança öwrülendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkar...
Aşgabat şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatynyň we serginiň çäginde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Durnukly ulagyň dostlary toparynyň daşary ýurt agza ýurtlary, halkara we sebit guramalary, hususan-da BMG-niň ýöriteleşdi...
Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary derejeli wek...
Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejesinde ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy. Iki günläp dowam eden bu çäräniň maksady energetika infrastru...