SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär
Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň BMG bilen alyp barýan strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we beýleki halkara düzümleri bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin degişli çäreleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli kanunçylygy BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan ýurtda...
Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Lihtenşteýniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweseriň arasynda gepleşikler geçi...
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-niň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň...
Türkmen-eýran gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar
2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny EYR-nyň ýokary wezipeli resmi adamlary garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ynanyşmak we birek-birege hormat...
Türkmenistanyň mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde gibrid görnüşinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament wekillerini ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, köptaraplaýyn netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde toplan tejr...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag we energiýa baglanyşygy baradaky rezolýusiýalar 6 dilde resmi taýdan çap edildi
CLICK https://news.un.org/ru/story/2023/12/1447992 Çap edilen kararnamalary açmak üçin aşakdaky sahypalara giriň -TRANSPORT -ENERGY
Gyrgyz Respublikasy Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna resmi taýdan goşuldy
Gyrgyzystan Respublikasy, toparyň ähli agzalary tarapyndan biragyzdan tassyklanmagyň esasynda, Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna resmi taýdan goşuldy. Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň agzasy hökmünde Kyrgyzstan bitaraplyk ýörelgeleriniň has giňden ulanylmagy esasynda toparyň global parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüş maksatlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirer. Umumy maglumat.