SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny tassyklady
Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Howanyň şertleri boýunça maslahatynda (COP-21) makullanan we 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-York şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda gol çekilen Pariž Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistan howa şertleriniň üýtgemeginiň zeperli netijeleriniň öňüni almagyň tarapdary bolup, howa gurşawyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen köpsanly çärelerini yzygiderli geçirýär. Olaryň zyňyndylaryny...
Halkara ulag resminamalarynyň tassyklanylmagy
Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyny we «Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistanda milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-tehniki esasyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa torlaryny giňeltmäge we täze görnüşlerini döretmäge gönükdirilen täze milli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. T...
TÜRKMENISTAN DOMINIKA ARKALAŞYGY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝDY
2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Dominika Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Dominika Arkalaşygynyň Hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler. Daşary syýasy...
TÜRKMENISTAN BAGAM ADALARY ARKALAŞYGY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝDY
2016-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Bagam Adalary Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Bagam Adalary Arkalaşygynyň Hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşykalrynyň berkidilmegine we syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Gepleşikler...
Metbugat gulluklar üçin habar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň hökümetiniň degişli agzalary Türkmenistana iş sapara bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer Ministriniň orunbasary A. N. Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da ýurdumyzda Belarus kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň birnäçesine seredildi. Mälim bolşy ýaly, bu işleriň iň irisi hökmünde OAO “Belg...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISINE SAPARY TAMAMLANDY
23-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çärelerine gatnaşmagyny dowam etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan taryhy Pariž ylalaşygyna dabaraly ýagdaýda gol çekmek bu günüň iň görnükli wakasy boldy. Gol çekmeklik – bu diňe işiň birinji ädimi. Bu ädim arkaly gol çeken döwlet ylalaşygy ratifikasiýa etmek üçin gerekli bolan özüniň içki amallaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny t...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEASYNYŇ 71-NJI MEJLISINDE ÖŇE SÜREN BAŞLANGYÇLARY
2016-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çärelerine gatnaşmagynyň ikinji gününde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu bütindünýä maslahatynyň beýik münberinden çykyş edip, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmeklige, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmeklige, howanyň üýtgemegi bilen bagly, raýatsyz adamlaryň, bosgunlaryň we göçüp gelenleriň meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esas...