img
TÜRKMENISTANYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNDAKY HEMIŞELIK WEKILHANASY
BM - NÝU-ÝORK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Ýan

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň  türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...

DOWAMY
pic
5 Noý

DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY

Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...

DOWAMY
pic
17 Okt

Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny tassyklady

Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Howanyň şertleri boýunça maslahatynda (COP-21) makullanan we 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-York şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda gol çekilen Pariž Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistan howa şertleriniň üýtgemeginiň zeperli netijeleriniň öňüni almagyň tarapdary bolup, howa gurşawyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen köpsanly çärelerini yzygiderli geçirýär. Olaryň zyňyndylaryny...

DOWAMY
pic
17 Okt

Halkara ulag resminamalarynyň tassyklanylmagy

Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyny we «Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistanda milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-tehniki esasyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa torlaryny giňeltmäge we täze görnüşlerini döretmäge gönükdirilen täze milli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. T...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTAN DOMINIKA ARKALAŞYGY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝDY

2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Dominika Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi.  Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Dominika Arkalaşygynyň Hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler. Daşary syýasy...

DOWAMY
pic
7 Okt

TÜRKMENISTAN BAGAM ADALARY ARKALAŞYGY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝDY

2016-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Bagam Adalary Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Bagam Adalary Arkalaşygynyň Hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşykalrynyň berkidilmegine we syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.  Gepleşikler...

DOWAMY
pic
30 Sen

Metbugat gulluklar üçin habar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň hökümetiniň degişli agzalary Türkmenistana iş sapara bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer Ministriniň orunbasary A. N. Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da ýurdumyzda Belarus kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň birnäçesine seredildi. Mälim bolşy ýaly, bu işleriň iň irisi hökmünde OAO “Belg...

DOWAMY