SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEASYNYŇ 71-NJI MEJLISINDE ÖŇE SÜREN BAŞLANGYÇLARY
2016-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çärelerine gatnaşmagynyň ikinji gününde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu bütindünýä maslahatynyň beýik münberinden çykyş edip, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmeklige, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmeklige, howanyň üýtgemegi bilen bagly, raýatsyz adamlaryň, bosgunlaryň we göçüp gelenleriň meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DEMOKRATIÝA WE ADAM HUKUKLARY BARADAKY TÜRKMEN MILLI INSTITUTYNDA BRIFING GEÇIRILDI
2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapynda gurnalan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi mynasybetli brifing geçirildi. Brifingiň işine Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik...
türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen geldi
21-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder. Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandurmak, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynd...
TÜRKMENISTANDA HALKARA SPORT MEDIA-FORUMY AÇYLDY
Düýn irden Aşgabatda sport media-forumyna gatnaşyjylar, ýagny halkara sport žurnalistleriniň we daşary ýurt KHBS-niň wekilleri Gyrgyzystanda geçirilen II Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlaryna gatnaşyp, tapawutlanan türkmen türgenlerine baýrak gowşurmaklyga bagyşlanyp geçirilen dabaraly çärä gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI WARŞAWADA GEÇIRILÝÄN ÝHHG-NIŇ ADAM ÖLÇEGLERI MESELELERI BOÝUNÇA MASLAHATA GATNAŞÝAR
2016-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukulary boýunça Býurosy Warşawa şäherinde ÝHHG-niň adam ölçegleri meselelerinde borçlary ýerine ýetirmeklige bagyşlanan maslahaty geçirýär. Bu maslahat Ýewropada adam hukuklary boýunça iň uly maslahatdyr we ol on bäş ýyldan bäri geçirilýär. Bu iki hepdeläp dowam etjek maslahata gatnaşmak üçin ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň wekilleri, halkara meseleler boýynça bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AŞGABATDA TÄZE HALKARA HOWA MENZILINIŇ TOPLUMYNYŇ RESMI AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň baş “howa derwezesi” bolmagyna gönükdirilip, Aşgabatda gurulan täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Howa ulaglarynyň halkara assosiýasiýasy, Döwletara awiasiýa komiteti, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Halkara migrasiýa guramasy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Okeaniýa ýurtlarynyň milli olimpiýa komiteti we b...
AŞGABATDA DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUMY ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işini tamamlady. Bu forumyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habarçylary, bilermenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada TRT, IRNA, Euronews, The Tokio Şimbun ýaly iri halkara habar beriş agentlikleriň birnäçe...