img
TÜRKMENISTANYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNDAKY HEMIŞELIK WEKILHANASY
BM - NÝU-ÝORK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen geldi

photo

21-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder.

Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandurmak, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we ynsanperwer meseleleridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ikitaraplaýyn duşusyklary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, şeýle hem käbir daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklary göz öňünde tutulan.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta