RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Dek

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN ONLAÝN-SERGINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde gurnan halkara wirtual sergisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem...

DOWAMY
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASY BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de...

DOWAMY
4 Dek

DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BSGG-NIŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda täze bellenen BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagalalary etjekdigini beýan etdi. T...

DOWAMY
4 Dek

DIM-DE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda...

DOWAMY
4 Dek

DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ÝUNISEF-IŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň...

DOWAMY
30 Noý

AŞGABATDA «PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topar...

DOWAMY
28 Noý

AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 15-NJI SAMMITI GEÇIRILDI

Şu gün, 28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi....

DOWAMY