Türkmenistan we Irlandiýa Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar, bitaraplyk ýörelgelerini güýçlendirmek barada ylalaşdylar

2023-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda Irlandiýanyň Hemişelik wekili Fergal Miten bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda BMG-nyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, parahatçylygy goraýyş amallaryna gatnaşmagy güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş we suw baýlyklaryny dolandyrmak meselelerinde konstruktiw pikir alyşma geçirildi.

Ilçiler Türkmenistan bilen Irlandiýanyň bitarap döwletler we Bitaraplyk dostlary toparynyň agzalary hökmünde halkara gatnaşyklaryna, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çžklerinde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge aýratyn üns berýändiklerini bellediler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta