TÜRKMENISTAN BMG-NYŇ «DURNUKLY ŞÄHERLER» BAŞLANGYJYNA GOŞULDY

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Ählumumy ekologiýa gaznasynyň ýardam bermeginde durmuşa geçirýän taslamasy işläp başlady. Aşgabatda we “Awaza” MSZ-da alty ýylyň dowamynda ekologiýa taýdan arassa şäher ulgamlaryny kemala getirmek, parnik gazlarynyň howa zyňylmagyny azaltmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler amala aşyrylar.
Taslamanyň geňeşiniň düzüminde awtomobil ulaglary, gurluşyk we binagärlik, energetika ministrlikleriniň, şeýle hem syýahatçylyk hem-de daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetleriniň, Aşgabat şäheriniň we Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimlikleriniň hünärmenleri bar.
Mejlisiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň, howa, ekologiýa hukugy we tebigaty goramak boýunça milli bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji duşuşykda geljekki işiň howanyň üýtgemegi şertlerinde durnukly ulag ösüşi, energiýa tygşytlylygy, galyndylary dolandyrmak ýaly esasy ugurlarynyň üçüsi bellenildi.
-Energiýanyň ygtybarly çeşmeleriiniň elýeterliligini üpjün etmek, sarp edilişiniň we önümçiliginiň, ykdysady ösüşiň, ilatyň iş bilen meşgullygynyň rejeli usullaryna geçilmegi boýunça göz öňünde tutulýan çäreler 2017-2023-nji ýyllara Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Maksatnamasynyň we DÖM-niň düzgünlerine laýyk gelýär, ýurdumyz 2019-njy ýuylda olar ýetmek boýunça meýletin syn berer- diýip taslamanyň menejeri Batyr Ballyýew belledi.
Köçeleriň energiýa tygşytlaýjy yşyklandyrylyş ulgamyny ornaşdyrmak, ozal ulanylan çig maly gaýtadan işlemek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda şu kysmy ilkinji desga boljak “ekoseýilgäh” döretmek Aşgabat üçin möhüm ugurlardyr. Taslamada galyndylary gaýtadan peýdaly ulanmak, bu ugurda tejribesi bolan telekeçilik düzümleriň işjeň gatnaşmagynda zibili gaýtadan işläp ulanmak boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Paýtagtyň ekologiýa ýagdaýynyň monitoringine aýratyn üns berler.
Taslamanyň hyzmaytdaşlary bolan döwlet edaralarynda şäher ulaglarynyň hereketini amatlaşdyrmak, şol sanda goşmaça awtoulag we welosiped zolaklarynyň hem-de ýodalarynyň bellenilmegi we gurulmagy, ýolagçylar üçin ykjam telefon goşundysyny döretmek boýunça teklipler gyzyklanma döretdi. Elektromobilleri, gibrid awtoulaglary ulanmak we “ýaşyl’ ulaglary – welosipedleri, giroskuterleri, samokatlary wagyz etmek boýunça teklip goldanyldy.
Awaza üçin syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmek, seýilgäh zolaklaryny giňeltmek, rejeli suw üpjünçiligi we galyndylary gaýtadan işlemek, şeýle hem Smart grid – energiýanyň ulanylyşy barada maglumatlary ýygnamak tehnologiýalaryny ulanmak bilen elektrik energiýasynyň netijeliligini, ygtybarlygyny, önümçiligini we bölünişini awtomatiki usulda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebaplaşdyrylan elektrik üpjünçilgini ornaşdyrmak boýunça teklipler wajypdyr.