TÜRKMENISTANDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG BOÝUNÇA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty gibrid görnüşinde öz işine başlady.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara  guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde «Dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär» – diýip belledi.

Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garalar. 

Forumyň wezipeleri koronawirus pandemiýasyndan soň, düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni we innowasion çemeleşmeleri – çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak, DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawyny giňeltmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň esasy wezipeleri boldy.

Garaşylyşy ýaly, bu maslahatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmaga gönükdiriler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatynda hödürleniler. 

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta