TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly habarçylar, şeýle hem milli habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Brifingde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ulag maslahatynyň ýokary halkara ähmiýeti barada aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ulag ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşiniň hem-de sebit we halkara derejesinde döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.

Brifingiň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçisi A.Blohin, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi A.Kuçkarow, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi A.Tažibaýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Golamabbas Arbabhales, Fransuz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi I.Ginel dagylar çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu geçirilen maslahat 2016-njy ýylyň durnukly ulag ulgamy boýunça Aşgabat prosesiniň dowamy bolup durýar, onuň dünýä ummanlaryndan daşda ýerleşýän geografiki sebitlerdäki ýurtlaryň bähbidine depginini ösdürýär we kämilleşdirýär.

Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Şeýle hem bu Maslahat “Merkezi Aziýa-Ýakyn Gündogar-Afrika” formatynda Birinji Ulag ministrleriniň duşuşygynyň hem-de Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji mejlisiniň geçirilen ýerine öwrüldi.

Maslahatyň çäklerinde ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen dört sany resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrleriň maslahatyna gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde beýan edilen başlangyçlar, gönüden-göni bu forumyň çäginde geçirilen mejlislerde edilen çykyşlaryň mazmuny bilen utgaşýar. Hususan-da bu garaýyşlaryň Halkara maslahatyň jemleýji resminamasy bolan Awaza jemleýji beýannamasynda şöhlelendirilmegi aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta