BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN GARAÝYŞLARY: ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEK

Ine, birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlar. Ençeme ýyllaryň dowamynda emele gelen däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan öňümizdäki syýasy möwsümde ýurdumyzyň durmuşa geçirjek ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýar. Türkmen diplomatiýasynyň tapawutly häsiýetine öwrülen şeýle açyklyk, häzirki zaman dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmäge taýýarlyk halkara bileleşiginde ýokary baha mynasyp bolýar, Milletler Bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitarap döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Möhüm şanly senä—Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň işiniň esasy ugry ählumumy berk we uzakmöhletli parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekden we goramakdan ybarat bolar. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem kömekçi edaralary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar. Ýurdumyz şol kömekçi edaralaryň agzasy bolup durýar.

Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn netijeli we deň hukukly gatnaşyklarynyň umumy prosesiniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogyň binýadyny döretmegi ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri hasaplaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul edilen Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan edýän Rezolýusiýanyň ähmiýetini belläp, ýokarda agzalan resminamanyň düzgünnamalaryna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna 2025-nji ýyly “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürleýär.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryna möhüm ähmiýet bermek hem-de 2022-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna Merkeziň orny hakyndaky nobatdaky Rezolýusiýanyň taslamasyny hödürlemegi, bu resminamada soňky ýyllaryň möhüm  wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek bilen bagly wakany beýan etmegi göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda ynanyşmagy, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogyň medeniýetini dikeltmek jogapkärli, gapma-garşylyksyz çemeleşmäniň, ol ýada beýleki meselelere garalanda özara düşünişmek hem-de bähbitleriň deňagramlylygyny saklamak üçin mümkinçilikleri gözlemegiň esasy şertleriniň biri hökmünde köpugurly ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasynyň ilerletmek bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Dialog-parahatçylygynyň kepili” diýen Rezolýusynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň pikirine görä, şeýle resminamanyň kabul edilmegi arkaly BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň, nä derejede çyrşyrymlydygyna garamazdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmegiň parahatçylykly, gepleşikler usulyna berk we  şübhesiz ygrarlydygy tassyklanylar.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ykrar edilmegine, 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa daýanyp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine BMG-niň meýdançasynda döredilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna gatnaşyjylaryň sanyny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlary bilen işjeň işlemegi dowam etdirer.

Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berýär, şol sanda parlamentariý zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, olary halkara syýasaty ulgamynda döwlet çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň çekmek ugrunda çykyş edýär.

Ýurtlaryň barha köpüsini hem-de tutuş sebitleri çalt gurşap alýan azyk çökgünliligi häzirki wagtda ählumumy howpsuzlygyň tutuş ulgamyna abanýan uly wehim bolup durýar.

Şu şertlerde Türkmenistan emele gelen ýagdaýy ýeňip geçmek boýunça gaýragoýulmasyz we netijeli çäreler ugrunda çykyş edýär. Ählumumy azyk bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň bu ugurdaky tagallalaryny goldap, Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek teklip edilýär.

Türkmenistan ykdysady we durmuş taýdan ösüş üçin ählumumy wehimleri döredýän, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde barha artýan çökgünlilik ýagdaýlary, iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň gatnaşyklaryndaky durnuksyzlygy nazara alyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008 we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygy we durnuklylygy baradaky kabul eden kararnamalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirmäge gaýdyp gelmegi maksat edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr iberilmegini düzgünleşdirmek boýunça häzirki zaman halkara-hukuk guralyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň açyk düzümli Halkara bilermenler toparyny döretmek baradaky ozal hödürlän teklibini durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdiriler. Geljek mejlisiň dowamynda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ylalaşyklary ýerine ýetirmäge gönükdirilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirer.

Hususan-da, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi seljermegiň köptaraplaýyn gurallaryny goldamak bilen, 2023-nji ýylda ýokary derejeli Syýasy forumyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Ikinji Meýletin Milli Syny bilen tanyşdyrar.

Köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça işler dowam etdiriler. Türkmenistan 2016 we 2021-nji ýyllarda geçirilen Durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahatlaryň, soňky ýyllarda geçirilen beýleki ýokary derejedäki ulag boýunça forumlaryň, şol sanda şu ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanda guralan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň netijelerini umumylaşdyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistan Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlenilmegini gazanmagy tutanýerli dowam eder. 2023-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) BMG-niň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikleri täzeden dowam  etdirmegi maksat edinýäris. Bu kararnama geljekki Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasyny we düzümini tassyklamaga gönükdirilendir.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça ählumumy strategiýany işläp taýýarlamak baradaky, hususan-da, wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürer. Şu maksatlar bilen, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýada geçjek Wodorod energetikasy boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistan bu teklipler boýunça geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýurdumyz ýokanç keselleriň ýaýramagynyň garşysyna göreşmekde, olaryň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmekde, lukmançylyk diplomatiýasynyň gurallaryny ýola goýmakda halkara tagallalary birleşdirmek boýunça işini dowam etdirer.

Türkmenistan ählumumy saglygy goraýyş ulgamyndaky umumy wehimlere garşy durmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meýdançasynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasydygyny nygtamak bilen, BSGG-nyň işläp taýýarlan “Bitewi saglyk” ählumumy konsepsiýasyny goldaýar hem-de Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamagyň 2022-2025-nji ýyllar döwür üçin Ýol kartasynyň çäklerinde bu konsepsiýany öňe sürer.

Geljekki mejlisiň dowamynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň ynsanperwerleşdirilmegine, dünýäniň syýasy, ykdysady, durmuş, ekologiýa gün tertibiniň adamlaryň anyk aladalaryna, isleg-arzuwlaryna we kanuny bähbitlerine strategiki gönükdirilmegine, olaryň ýaşaýşa, howpsuzlyga, doly derejede iýmitlenmäge, arassa suwa hem-de arassa howa, ygtybarly ýylylyk we ýagtylyk çeşmelerine, ýokary hilli we gymmat bolmadyk bilim almaga hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna bolan kanuny hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berer.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hyzmatdaşlyk etmekde toplan tejribesine esaslanyp hem-de ynsanperwer gün tertibiniň yzygiderli giňeldilmeginden  ugur alyp, BMG-niň ynsanperwer ugurly ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürer.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisindäki ileri tutýan garaýyşlary, öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri  Türkmenistanyň halkara hukugynyň kadalaryna üýtgewsiz ygrarlylygyna, BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanandyr. Bu resminama ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we deňhukukly howpsuzlygy pugtalandyrmak, BMG-niň ynsanperwer ýörelgelerini we taglymlaryny berkarar etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak üçin ähli zerur tagallalary etmäge jogapkärçilikli, açyk we aýgytly çemeleşýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisine Türkmenistan geljekki iş üçin anyk gurallary hem-de dünýägaraýyş esaslary, özüniň döredijilikli hem-de başlangyçly gün tertibi, aýdyň ugurlary we döwlet Baştutanynyň anyk kesgitlän maksatlary hem-de wezipeleri bilen barýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta