TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ AGZALARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy awgusdtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny, mähirli sözlerini ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Şawkat Mirziýoýewe we Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi esasy ugur edinýändigini belledi. Iki goňşy halky asyrlaryň dowamynda emele gelen ruhy däpleriň, taryhy-medeni gatnaşyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili hem-de dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Özbegistana bolan döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljekki ugurlary duşuşygyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.

Iki doganlyk ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli, uzak möhletleýin gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, söhbetdeşler onuň netijeli durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegine taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz we myhmanlar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitleri nazara almak esasynda ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta