TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HHR-IŇ HÖKÜMETINIŇ ÝEWRAZIÝA IŞLERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine özüniň mähirli sözlerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi we berkidilmegi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Hytaýyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi. Geçen 30 ýylyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan türkmen-hytaý gatnaşyklary iki halkyň abadançylygynyň bähbidine işjeň ösdürilýär.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler we Beýik Ýüpek ýoly döwrüne çenli müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleri bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň oňyn geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler.

Li Hueý Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hormatly Arkadag bilen duşuşyklaryny mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hytaýyň ýolbaşçysynyň Gahryman Arkadagymyza salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny iberendigi baradaky habary ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz aýdan mähirli sözleri hem-de iberen kitaplary üçin HHR-iň Başlygyna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistan bilen Hytaýyň hem-de ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta