TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Aýlagdaky Arap döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiň (AADHG) agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa Döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Hususan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta