TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OMAN SOLTANLYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid bin Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, duşuşygyň çäklerinde halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň hem-de Kataryň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň işiniň işjeňleşdirilmeginiň örän möhümdigi bellenildi.

Diplomatlar şeýle-de sebit hem-de halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän derwaýys ugurlary boýunça hem pikirleri alyşdylar.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta