TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

Şeýle hem şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Halifa Şahin Al-Marar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejeli yzygiderli we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy özara hereketleriň türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine itergi berýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylda Abu Dabi şäherinde geçirilmegi barada maslahat edildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta