AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady.
Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu serginiň belent maksatlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüljekdigi bellenilýär.
Bu ýerde energetika we senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, dokma senagaty hem-de halyçylyk, gurluşyk hem gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goraýyş, bagy-bossanlyga büremek ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen sergi bölümlerine orun berlipdir.
Bu ulgamlaryň ählisiniň ösüş depgini köp sanly wideoşekilleriň görkezilmeginde, neşirýat önümlerinde — žurnallarda, owadan bezelen beýleki neşirlerde beýanyny tapdy. Mundan başga-da, edaralaryň diwarlyklarynda sergä gelýänlere önümler, kärhanalaryň, umuman, pudagyň ösüş meýilnamalary barada gürrüň berilýär.
Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň, bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, täze harytlaryň hem-de hyzmatlar ulgamynda teklipleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu ýere ýygnananlar şu forumy guramaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň rowaçlygy hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de depginli, durnukly ösdürmek üçin ähli güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
21-nji sentýabrda sergi öz işini d