TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara gatnaşyklara özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mahsusdygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi oňyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz we ministr söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady ulgam bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda strategik häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Bu babatda Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalar uly ähmiýete eýedir. Energetika we kommunikasiýalar ulgamynda bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Pakistanyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat ugruny hem-de onuň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygy nygtaldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhüm häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman soňky ýyllarda täze depgine, anyk many-mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta