AŞGABATDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLYKLYK ETMEGINDE DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylar ýygnandylar. Sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň wekilleriniň “Türkmeniň ak öýi” binasyndan, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň wekilleriniň bolsa Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary şäherlerindäki Ruhyýet köşklerinden umumymilli forumyň işine goşulandygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün - “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ata Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Maslahata ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň köp sanly işgärleri, il sylagly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýaşlarymyz gatnaşýarlar diýip nygtady.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyny açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, oňa umumymilli foruma gatnaşyjylaryň hemmesi joşgun bilen goşulýarlar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň halkyny Döwlet Maslahatynyň geçirilmegi we Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara söz berdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, däp bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň uly baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol bu ugurda degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli Permanlara gol çekdi. Olara laýyklykda, şanly baýram mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlarynyň 829-synyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň günäsi geçilip, mundan beýläk jeza çekmekden boşadylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň her biriniň ata Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşýandyklaryny belläp, ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar bermek bilen, degişli resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine degişli döşe dakylýan nyşanlary we şahadatnamalary, “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurýar.

Döwlet Baştutanymyz sylaglananlary olaryň durmuşyndaky bu ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýere ýygnananlara jemleýji söz bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli foruma gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň halkyny golaýlap gelýän Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi. Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent mukamy ýaňlanýar.

Bu möhüm waka Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ösüş ýoluna pugta ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup girer.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta