TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory Aleksandr Beglowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilýändigini nygtadylar. Hususan-da türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda esasy ugur bolup durýan yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklar barada bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejesi hem-de Türkmenistanyň çägindäki taslamalara rus kompaniýalarynyň netijeli gatnaşýandyklary barada aýdyp geçdiler. Häzirki dowam edýän we geljekki mümkin bolan infrastruktura we ýol gurluşygy taslamalaryna seredildi. Gämi gurluşygy, şäher gurluşygy we senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikelrine seredildi.

Hususy düzümleriň gatnaşmagy arkaly, azyk harytlary, oba hojalygy, ulag gurluşygy, dokma senagaty we beýleki önümleriň özara söwdasynyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçiliklere seretmäge taýýardyklary beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar Aşgabatda Sankt-Peterburgyň Söwda öýüni döretmegiň mümkinçilikelrini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bulardan başga-da, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi. Taraplar orta-hünär we ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklara ygrarly galýandyklaryny tassykladylar we ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta