TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ÇELÝABINSK OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi.

Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

A.Teksler Türkmenistana gelip görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Ýurdumyzy Çelýabinsk oblasty bilen öňden gelýän dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar ykdysady taslamalar babatda hem-de ynsanperwer ulgamda okgunly ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmana gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, şol sanda Çelýabinsk oblasty bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, aýratyn-da, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň gyzyklanma bildirýän edaralarynyň ýurdumyzda metallurgiýa, maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek we gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, özara haryt dolanyşygynda önümleriň görnüşlerini giňeltmek ulgamynda taraplaryň maksatlary umumydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebit we gaz senagatynyň, dokma pudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalyk harytlaryny ibermäge taýýardygy nygtaldy.

Däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet, sport, ylym-bilim ulgamlarynda, şeýle-de durmuş ugurly taslamalaryň çäklerinde giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi. 

Sözüniň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory hormatly Prezidentimize myhmansöýerlik we mähirli kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta