TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň däp bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny nygtady. Şol hyzmatdaşlyk açyklyk, özara hormat goýmak we düşünişmek, dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek ýörelgelerine esaslanýar.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy, onuň iri sebitleri hem-de senagat, medeni merkezleri, şol sanda Sankt-Peterburg bilen däp bolan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Sankt-Peterburg bilen netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynda” bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk ulgamy, ýol-ulag düzümi, gämi gurluşygy, maýa goýumlar hem-de sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda “akylly” şäherleri gurmakda özara gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Öz nobatynda, Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerini hem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardyr.

Ynsanperwer ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Söhbetdeşler şu barada durup geçip, agzalan ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda A.Beglow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, baýramçylyk dabaralaryny hem-de baýramçylyk şatlygyny türkmen halky bilen paýlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta