TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine saparynyň amala aşyrylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa-goýum hyzmatdyşlygyň ilerledilmegi bilen bagly meseleler maslahat edildi.

Habarlary yzarlaň

Doly ady

E-poçta